• Thu. Sep 24th, 2020

Öňki howa menziliniň ýerinde täze awtomenzili gurlar

Feb 20, 2020

Öňki Türkmenabat howa menziliniň ýerinde şäheriniň täze awtomenzili gurlar.

Onuň esasy binasy iki gatdan ybaratdyr we ol sekiz burçly ýyldyz görnüşinde bolar. Onuň üçeginiň merkezini Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynda ýerleşdirilen Lebap welaýatyna degişli haly göli bezär. 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen jaýda garaşylýan zal, sorag-jogap nokady, lukmançylyk, eneler we çagalar hem-de namaz okamak üçin otaglar, öýjükli we şäher telefon ulgamyny, poçtany, internet kafesini, töleg terminalyny içine alýan aragatnaşyk nokady, demir ýol we howa ulaglaryna, awtobuslara petek satýan kassalar, naharhana, söwda terminallary, dükanlar we başga-da birnäçe nokatlar ýolagçylara hyzmat eder. Şonuň ýaly-da, on awtobusa niýetlenen bassyrmanyň aşagyndaky duralga göz öňünde tutulýar. Şolar ýaly ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bolsa 100 maşyna niýetlenendir.

Awtomenziliň gurluşygyny «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti alyp barar.  Ony 2022-nji ýylda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Şondan bir ýyl soň bolsa «Aşgabat — Türkmenabat» awtobany Türkmenabat şäherine çenli çekilmegine garaşylýar.

авто вокзал 4
авто вокзал
авто вокзал 2

Previous
Next

Поделиться ссылкой: