SYÝASAT

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanun kabul edildi.

Esasy Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi bilen baglanyşykly girizildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilipdi, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda bolsa Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi tassyklanylypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: