SYÝASAT

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat häkimliginiň zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan «Parahatlyk nyşany sen, Baýdagym, adalat Kanunym — köňül aýdymym» atly dabaraly maslahat geçirdik. Welaýat häkimligi bilen bilelikde guralann çärä Türkmenabat şäherinde ýerleşýän edaralaryň, kärhanalaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

Onda çykyş edenler iki baýramyň bilelikde bellenilmeginiň aňyrsynda çuň many ýatandygyny aýratyn nygtamak bilen, döwlet gurluşynyň we ony dolandyrmagyň ähli taraplaryny kadalaşdyrýan Konstitusiýanyň özbaşdak döwletiň esasy kanunynyň, Döwlet Baýdagynyň bolsa özbaşdaklygyň, özygtyýarlylygyň, bitewiligiň we döwletliligiň nyşany bolup durýandygyny bellediler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň dörediliş taryhyny ýatlamak bilen, olaryň döwletiň durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkezdiler.
Maslahatyň dowamynda partiýanyň işjeň agzalaryna TDP-niň welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply