Lebap welaýatynda metjidiň açylyş dabarasy boldy

Feb 21, 2020

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň «Türkmenistan bu gün» resmi saýtynda habar berilýär.

Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan aý goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar. Metjidiň iki gatly binasynda 3 müň adama namaz okamaga şert bar.

Birinji gatyň meýdany 3 müň 444 inedördül metre, zenanlar üçin niýetlenen ikinji gatyň meýdany 1 müň 609 inedördül metre barabardyr. Baş binany gurmakda we timarlamakda döwrebap bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamlary ulanyldy.

Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Şeýle hem 390 awtoulaga niýetlenen awtoduralga göz öňünde tutuldy. Toplumyň ähli desgalary durmuş üpjünçiliginiň zerur ulgamlary — salkynladyş, ýyladyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.

Hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ylahy gymmatlyk hökmünde täze gurlan metjide ýadygärlik hökmünde gowşurdy.

Metjitde, şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Ýaşulular iki mukaddeslige tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Bu ýerde hajy Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan ajaýyp eserlerinden düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Lebap welaýatynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän hem-de gurluşygyň gadymy däplerine we binagärligiň döwrebap meýillerine laýyklykda gurlan täze metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 5 gektara barabardyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň baş metjidini gurmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gül» hususy kärhanasyna ynanyldy.

12 ýyl mundan öň döredilen bu hususy kärhana sebitde durmuş maksatly desgalaryň başga-da birnäçesini gurdy. Şolaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi», sport we umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary hem-de welaýatyň dolandyryş merkezinde we etraplarynda gurlan beýleki desgalar bar.

Metjidiň gurluşygyna kömekçi potratçylar hökmünde «Altyn bürgüt», «Döwletli öý», «Demir gap» hususy kärhanalary hem goşant goşdular. Täze binanyň taslamasy «Binýat taslama» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

мечеть 06
мечеть 02
мечеть 03
мечеть 04
мечеть 01

Previous
Next

Поделиться ссылкой: