TÜRKMENISTAN HABARLARY

Öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşiniň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa bu jemgyýetçilik guramasynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeňleri gatnaşdylar.
Maslahatda kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeňleriniň öňünde durýan wezipeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda, bilim ulgamynyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, olaryň dynç alşyny guramak, tapawutlanýan işgärleri maddy we ruhy taýdan höweslendirmek, baýramçylyk çärelerini geçirmek ýal meselelere seredildi. Şonuň ýaly-da, ilkinji guramalaryň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, resminamalary wagtynda alyp barmak we dogry ýöretmek barada hem durlup geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply