TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda
durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň
çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekilipdi.
Bu mejlisde taraplar bar bolan hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki ýetilen sepgitlere seretdiler. Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň, BSG-niň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleriniň bilelikdäki işleriň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary boldy.
Soňra Çarçuwaly maksatnamany geljek döwür üçin durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy. Esasy üns ony durmuşa geçirmegiň «Ýol kartasyny» işläp düzmeklige berildi. Gatnaşyjylaryň ünsi bu Maksatnamanyň dolandyryş mehanizminiň we durmuşa geçirilmeginiň, ony maliýeleşdirmegiň strategiýasyna, şeýle hem monitoring maksatnamasyna we işiň bahasyna çekildi.
Gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň serişdeleri mobilirlemekde Bilelikdäki strategiýalaryna, şeýle hem çarçuwaly Maksatnamany maliýeleşdirmekde hödürnamalary we teklipleri hem-de 2030-njy ýyl üçin milli derejede durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek meselelere seretmek barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, ýolbaşçy komitetiň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi, onda agzalan Maksatnamany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly işler beýan edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply