Çärjew etrabynda täze ýyladyşhana açylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini, welaýatyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhananyň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
«Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli täze ýyladyşhananyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar. Şol gün ýurduň beýleki welaýatlarynda hem täze ýyladyşhanalar açylyp, ulanylmaga berler.