«Lebappagta» önümçilik birleşiginiň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda günde 200 tonna pagta gaýtadan işlenilýär.
Bu ýerde Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerine ýetişdirilen hasyl gaýtadan işlenilýär we ondan çigit hem-de süýüm alynýar. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 68 müň tonna çig maly işlemäge mümkinçilik berýär.
Tizlikde kärhananyň döredilenine 90 ýyl dolýar. 2017-nji ýylda onuň enjamlary täzelenildi we Germaniýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hem-de Türkiýeden satyn alnan enjamlar oturdyldy. Bu bolsa ileriň ýokary hilini üpjün etdi we önümçilik galyndylaryň has azalmagyna şert döretdi.
Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda günde 200 tonna pagta gaýtadan işlenilýär
