Okuwa girmek isleýänler lukmançylyk barlaglaryny geçýärler

Lebap welaýatynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän oglanlar we gyzlar lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi talyplyga dalaşgärleriň lukmançylyk gözegçiliginden hiç hili meselesiz geçmekleri üçin şertleri döredipdir. Olara Türkmenabat şäherindäki saglyk öýleriniň bäşisiniň we Kerki, Dänew etrap hassahanalarynyň lukmanlary hyzmat edýär. Haýsy nokatda haýsy etraplarda ýaşaýan dalaşgärlere hyzmat edilýändigi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector