JEMGYÝET

Aşgabadyň demirgazyk künjeginde «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgäh açyldy

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde «Erkin» seýilgähi açyldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» saýty habar berýär.

A.Nyýazow şaýoly we Amyderýa köçeleri bilen Hoja Ahmet Ýasawy we B.Hudaýnazarow köçeleriniň aralygynda ýerleşýän seýilgähiň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr. Onuň merkezinde belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüni oturdyldy. Bu ýerde dynç almak üçin niýetlenen ýerler özboluşly yşyklandyryş ulgamy, pyýada we welosiped ýodalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Welosiped sürüjiler üçin seýilgäh zolagynyň daşynda-da ýörite ýoda guruldy. Uly awtoduralganyň iki tarapynda hem welosipedleri goýmak üçin ýörite ýerler göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň, beýleki ösümlikleriň 7 müňden gowragy oturdyldy. Dürli güller ekilip, güllerden owadan şekiller döredildi.

«Erkin» seýilgähinde-de arassa howada bedenterbiýe, sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Welosipedleri kärendä bermek işi ýola goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: