Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda döredilýän ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde 240 orunlyk täze çagalar bagy bina edilýär, diýip «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.
Ony «Daşoguznebit gazgurluşyk» trestiniň tehniki-önümçilik dolandyrmasynyň hünärmenleri gurýarlar. Onda çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, dürli oýunlar bilen gyzyklanmaklary, kompýuterleri özleşdirmekleri üçin oňyn oňyn şertler dörediler. Şonuň ýaly-da, täze çagalar bagynda sazçylyk, lukmançylyk otaglary, açyk howada dynç alar, oýnar ýaly bassyrmaly meýdançalar, suwa düşülýän howdan bolar.
Häzir sebitde orta mekdepleriň 528-si, çagalar baglarynyň 111-si hereket edýär.
