JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow Balkanda «KamAZ» serwis merkeziniň açylyşyna gatnaşdy

10-njy noýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

Täze desganyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasyny özünde jemläp, şonda ammar binasy we abatlaýyş bölümi ýerleşýär. Toplumda awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen bölüm, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Merkeziň çäginiň köp ýeri ätiýaçlyk şaýlary saklamaga niýetlenen uly ammar üçin niýetlenýär. Şol ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi ulagyň zerur serişdelerini gysga möhletde çalyşmaga mümkinçilik berer

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: