JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewanyň we Çynar Rustemowanyň döredijilik otagy açyldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Gahrymanlary: Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň hem-de Çynar Rustemowanyň durmuş we zähmet ýollaryna bagyşlanan döredijilik otagy döredilendigi barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Bu ýerde Gahryman zenanlaryň orta mekdepde we şu institutda okan ýyllaryna, şeýle-de zähmet ýollaryna degişli resminamalaryň hem-de olaryň mynasyp bolan döwlet sylaglarynyň göçürmeleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde şahyr Gözel Şagulyýewanyň «Elbukjam», «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Dymmaň, daglar!», «Ak gülleriň — ak ýolum», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde» kitaplary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, birnäçe abraýly döwlet sylaglarynyň eýesi Çynar Rustemowanyň ýazan ylmy işleri, «Türkmenistanyň Hindistan bilen gatnaşyklarynyň taryhy dogrusynda» atly kitaby ýerleşdirilipdir.

Döredijilik otagyny döretmegi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň mugallymlary we talyplary bilen şu ýylyň iýunynda geçiren duşuşygynda teklip edipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: