BIZE YAZYARLAR

Ojagyň eşretli bolsun

Kimiň kimdigini biljek bolsaňyz, onuň öýüne myhman baryp göräýmelidir. Erkek kişi edenli, durmuşyny söýýän, hojalygynyň gadyryny bilýän adam bolsa, onuň öýem, mellegem sergä goýaýmalydyr. Aýaly hem erkege mynasyp bolsa, öýünde-işiginde hemme zat ýerbe-ýerdir. Öýüň eşretli, ojagyň mähriban bolmagy üçin baý goş-golam, gymmatbaha zatlar derkar däldir. Öýüň bikesi garyp bolaýanda-da öýüne bezeg bermegi başaryp biler: otaglaryň ählisi päkizedir, gap-gaçlary ýuwulgy-ardylgydyr. Hemme zat tertiplidir. Öz wagtynda myhmana çaý geler, öz wagtynda nahar geler. Erkek öz aýalyny, maşgalasyny söýýän bolsa,  ol öýde hemme zat tapylar.

Aýal öz adamsyny, durmuşyny söýýän bolsa, ol öýde arassaçylyk, gülki-henek, şadyýanlyk höküm sürer.

«Ýigit başy aman bolsa, mally bolar, malsyz bolar» diýýär Görogly. Adam işden aryp ýadap gelende oňa ýagşy hyzmat edilmeli, ol öýünde ojagyň ýylysyny, maşgalasynyň mähribanlygyny duýup lezzet bilen dynç alyp, abadan ýaşaýşynyň eşretini görmeli!

Taryhda eli hünärli, öz işine ussat gyz-gelinlerden, olaryň görelde alarlyk durmuşyndan köp hekaýatlar saklanyp galypdyr.

 Lint Hueýsin atly bir gyz barada gyzykly maglumat bize göwnejaý mysal bolup biler. Ol hytaýly bir garyp düşen söwdagäriň gyzy eken. Onuň kakasynyň ýekeje dükany bolupdyr, olar zordan güzeranyny aýlaýan ekenler. Lint çagajykka ejesi ýogalyp, hojalygy dolandyrmak onuň başyna düşýär. Olaryň öýi Pekinde imperatoryň köşgüne golaý ýerde ýerleşipdir. Gyzjagaz ertirden agşama çenli öýüň  hysyrdysy bilen meşgullanypdyr. Onuň öz öýüni saklaýşyny gören baýlar şeýle öý bikäniň arzuwyny edipdirler. Günlerde bir gün imperator garyp gyzy görýär. Garypdygyna garamazdan, ýerini bilipgeýnen edep-ekramly gyz imperatora ýaraýar. Hökümdar Puu Jun ol gyza öýlenýär hem ony iň  arzyly aýaly hasaplaýar. Sebäbi imperator onuňň edep-ekramyna benduwan bolupdyr. Olaryň ilkinji ogul perzende ýüzleri düşýär.

Imperatoryň köşgi. Linte iş etdirjek gümanlary barmy? Ol altyn-kümşüň, göwher-laglyň, baý geýim-gejimleriň içinde hasrat çekýär. Söýgüli aýalyny gam-gussadan halas etmek üçin imperator dünýäde deňi-taýy bolmadyk köşk gurdurýar. Köşgüň meýdany ýüz gektar, içindäki jaýlaryň, zallaryň, dergähleriň sany dokuz müň bolupdyr. Şeýle uly köşgüň ähli ygtyýary Linte berlipdir, emma Lint:

– Maňa köşgüň ýekeje gatyndaky jaýlary ber, özem olary öz isleýşim ýaly bezemäge rugsat ber – diýip, ol imperatordan haýyş edipdir. Imperator eziz aýalynyň haýyşyny şol demde bitirýär.

Lint köşgüň bir ganatyndaky özüne degişli bolan jaýlary gymmatbaha  altyn-kümüş, baý mebeller bilen bezemän, dürli-dürli golçaly güller bilen, kapasaly guşlar, eldeki haýwanlar bilen bezeýär. Lintiň jaýlary jennet ýaly, mydama müň dürli güller hoşboý ysyny saçyp, gözelligini güjeňläpdir, guşlar saýraşyp mydama ala-ýaz eken.

Imperator Lintiň jaýyna baranda ruhy lezzet alýandygyna, hakyky ojagyň mukaddesligini duýýandygyna haýran galypdyr, şondan soň ol mydama Lintiň behişt mesgeninde ýaşapdyr. Öz jaýyny Lint pul çykdajysyz jennet etmegiň hötdesinden gelipdir.

Ýagşy öý abadanlygyň, bagtyýarlygyň mesgenidir. Ýagşy öýe rysgal, döwlet iki esse köp ýagýandyr.

Çynar Karýagdyýewa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: