KÜLLI TÜRKMENIM
Külli türkmen ojagynyň eýesi
Howla düşer agaçlarnyň saýasy
Agzybir maşgalaň, bala-çagasy
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Içeri, daşary gülden päkize
Seretseň başga zat ilmez hiç göze
Men bulary görüp, aýdýaryn size
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Çagalary terbiýeli, edepli
Ählijesi ylymly, hem sowatly
Boş bolaýsa, mydam eli kitaply
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Myhman gelse, tördendir onuň orny
Mylaýymlyk bilen biler oň syrny
Saçaga üýşürer nygmatlaň barny
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Köpçüligiň üýşen ýerinde özüň
Alyp barmaklygyň dogry kadasyn
Bilýärler durmuşda iň wajypdygyn
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Ata-enelerden bu miras galan
Nesilleri dogry terbiýe alan
Arkadagymyzdan nesihat alan
Myhmansöýer meniň külli türkmenim
Selbi Imamowa
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby