BIZE YAZYARLAR

Göktereň ― jana şypa nygmat

Biziň bu mukaddes topragymyzda yhlas etseň, bitmeýän ekin ýok. Göktereňi (halk arasynda terkädi ýa-da kaboçok hem diýilýär) göwnejaý taýýarlanan, dersi, suwy ýetirilen toprakda ekip, ýokary hasyl alyp bolýar.

Göktereň gaty gabyklylar görnüşine degişli bolup, onuň gowy bişenleri mal iými üçin we tohumçylykda ulanylýar. Boýy ýeten ýaşajyklary bagryň işjeňligini sazlaýar. Tohumyndaky 50 göterime çenli bolan ýag we santonin maddasy adam içegesindäki gurçuklary we onuň tohumlaryny ýok edýär.

Göktereň kaloriýasy pes, örän ýokary ýokumly iýmit önümi bolup, miwesiniň uzynlygy 20 – 30 santimetre ýetende, azyklyk iýmit üçin dürli tagamlary taýýarlamakda ulanylýar. Ol gowrulan, buglanan, kakadylan, içine et dykyp bişirilen hem-de duza ýatyrylan görnüşinde peýdalanylýar. Göktereň adamyň bedeninde oňat özleşýär, aşgazandaky haýal özleşýän iýmitleriň siňmegine ýardam edýär.

Göktereň adam bedenindäki holesterini azaldýar, aşa semremekden saklaýar, düzüminde belogy az saklaýandygy sebäpli kaliý iýmit çalşygy bilen bagly bolmadyk böwrek keselleri üçin hem ýaramlydyr. Ýürek-damar, süýji keselliler üçin göktereňiň ýetişen ýaşajyk düwünçekleri örän oňat dermanlyk iýmitidir. Göktereňiň düzüminde örän köp uglewod, witamin we mineral duzlar bar. Şeýle hem ol misiň, demriň, kalsiniň hem çeşmesidir. Göktereňiň 100 gram bişmedik miwesinde 2 – 3,1 göterim şeker, 12 – 40 milligram askorbin kislotasy, 0,03 göterim ýag we 0,42 göterim kül elementleri hem-de az-kem kletçatka bar.

Gülzar BABAÝEWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: