Käbäm ejem
Gören hassa, perişde diýip çaklasyn.
Alla seni öz , penasynda saklasyn,
Ýeke gyzyň mydama, seni ýatlasyn
Güler ýüzüň solmasyn, seň käbäm ejem.
Ýüzüňde nurana deý, çoý günüň nury
Şadyýan şahandaz, mähriban ejem,
Derdimiň mydama, ýeke syrdaşy
Güler ýüzüň solmasyn, seň käbäm ejem.
Otyryp oýlansam, köp zatlar hakda,
Iň gyzykly döwrüm, geçen ekeni.
Ol haýsy döwür diýip, soranlarynda
Käbäm bilen geçen, günlem ekeni.
Ýürejigine salyp aladalaryny,
Käbäm ejem bildirmän geçen ekeni.
Aýtman saglygynyň, nähilidigini,
Gülüp bildirmänjik, geçen ekeni.
Ýaşlygymda diňlemezlik edemde,
Käbäm ejem geç günämi bagyşla.
Sözleriňe gulak asman gidemde,
Käbäm ejem öt günämi bagyşla.
Ynha, ýeke gyzyň saňa bagyşlap,
Mähir doly sözünden goşgular düzdi.
Öz gyzyň bagtyna guwanyp ýaşap,
Ömrini bagş eden käbäm ekeni.
Dänew etrabynyň garaşsyzlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy
Gurbandurdyýewa Aýlar