Talhan
Ene-mamalarymyzdan miras galan milli tagamlarymyz jana ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle tagamlaryň biri hem talhandyr. Ony taýýarlamak üçin bugdaýy gowy arassalap, ýuwup, Güne sermeli. Boş gazana iki goşawuç bugdaý salmaly, gazanyň aşagyna ýakylan ot pes ýa beýik bolmaly däl, ortaça bolmaly. Ýarym metr tut agajynyň ujuna nah matany oramaly we hälki bugdaýlary şonuň bilen bulap durmaly. Bugdaýy gazana köp salsaň, deň bişmeýär. Oduny güýçli ýaksaň, bugdaý bişip ýetişmeýär. Şeýdip, iki goşawuçdan bir gazan bugdaýy bişirmeli.
Başga bir gapda duzly şerebe taýýarlamaly we bugdaýlar gazanyň içindekä üstüne sepelemeli. Şerebe siňensoň başga gaba geçirmeli. Bir legen bolan gowrulan bugdaýy degirmende üwemeli. Degirmdende bugdaýlary ortaça üwemeli. Bir gapda goýnuň barmak boýly dogralan guýruk ýagyny gowurmaly jyzzygyny aýryp, şeker bilen bilelikde bugdaýly gapda ony gowy edip owmaly.
Halkymyzyň arasynda: «Düýä münüp talhan iýen ýaly» diýen durnukly söz düzümi bar. Sebäbi un ýaly tagamy düýäniň üstünde iýmek aňsat bolmaýar.
Nigara Aşyrowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.