BIZE YAZYARLAR

Hasaplamak we pul birlikleri

Matematika durmuşda giňden ulanylýar. Adamlar gadymy pul birlikleri arkaly hasaplamagy, söwda etmegi öwrenipdirler. Dünýä halklarynyň arasynda dürli pul birlikleri ulanylýar. Dünýä döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýan Hytaýyň ilkinji pul birligi bolan gadymy şaýlyk, dünýä döwletleri boýunça gaty ir zamanlarda hytaýyň özünde ýüze çykýar we şol döwürde ýaşan adamlaryň durmuşyna giňden ornaşýar. 2000 ýyllyk taryhy ýoly geçen tegelek şaýlyklaryň merkezi dörtburç şekilli deşik görnüşinde bolup, peýda bolmagy bilen Aziýanyň käbir ýurtlaryna hem öz täsirini ýetiripdir. Ony peýdalanmakda belli bir düzgüne eýerilipdir.

 Pul birligi bolan şaýlyk heniz ýok mahaly, adamlar söwdany elindäki bar bolan zatlaryny alyş-çalyş etmeklik arkaly hasaplaşmany oýlap tapypdyrlar hem-de söwdany şol usul arkaly öz aralarynda ýola goýup, meselem aýdaly, bir goýuny bir halta şala çalşypdyrlar. 3000 ýyl mundan ozal hytaýda deňiz ýakasynda tapylan balykgulaklar bahasy ýetmeýän gymmatlyk hasaplanyp, olar puluň ornunda peýdalanmak boýunça ägirt uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Emma olar wagtyň geçmegi bilen azlyk edipdyr. Şeýlelikde, mis demrinden şaýlyklar zikgelenip başlanylýar.
Bu şaýlyklar bir sapaga düzülip, ýanyň bilen hem göterilipdir. Olaryň ýüzündäki ýazgylar häzirki günde arheologlara gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde, gadymy döwrüň medeniýetini öwrenmekde, özüniň uly ýardamyny berýär. 
B.e.öň 621-nji ýyllarda hökümdarlyk süren Taň dinastiýasynyň imperatory Tangaoszy şaýlar zikgelenen wagty onuň öň ýüzüne dinastiýany dolandyrýan hökümdaryň ýagny — öz adyny, şol wagtky aý-ýyl senenamasyny, arka tarapyna bolsa ýaňky şaýlygyň haçan döredilendigini, iýeroglifleri we onuň edilen ýerini hem-de ulanyşda näçe hümmete eýedigini görkezilip, taýýarlanmagyny buýrupdyr. Beýle etmeklik Taň dinastiýasyndan soňky Çaudan başlap, ahyrky Tiňçau dinastiýalaryna hem öz täsirini ýetiripdir. Şunluk bilen ol soňky geçiş döwrüne çenli taryhda 1000 ýyllyk ýaşyny ýaşap, özüne degişli wezipesini aňry ýany bilen ýerine ýetirýär

 
Hytaý ýene-de öz ýurdynda kagyz puly ulanyşyga girizen ilkinji döwletdir. Beýsoňdyr Syçuan şäherlerinde ýaşan on alty sany uly baýlygyň eýesi bolan adamlar bilelikde kagyz pullary çykarmaga başlapdyrlar. Olara — «Diaozy» diýlip, at berilipdir. Çykarylan pullaryň ýüzünde öýleriň, bagdyr-agaçlaryň, adamlaryň suraty ýerleşdirilipdir. Şol pullar hem hytaýda ilkinji çykarylan gadymy kagyz pullarydyr.

Hytaýyň gadymy puly bolan ilkinji şaýlyklar bu günki günde geçmişi açyp görkezýän bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr. Häzirki wagtda ol hytaýyň muzeýlerinde saklanyp, ol ýere gelýänlere taryh bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döredýär.

Mamajan Jumanazarowa,

Çärrjew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: