JEMGYÝET

Mümkinçilikleri çäkli adamlara Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar

Şu günler ýerli häkimiýetleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk,  medeniýet ulgamynyň, pensiýa gaznasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda çagalar öýlerinde, mekdep internatlarynda, maýyplar we gartaşan adamlaryň öýlerinde dabaraly ýagdaýda Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar.

Şeýle çäreler Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, ähli mekdep internatlarynda geçirildi we olarda terbiýe alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalaryň 1 müň 361 sanysyna, şeýle hem welaýat çagalar öýünde çagalaryň 51-sine, welaýat maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýündäki adamlaryň 89-syna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Bulardan başga-da, Türkmenabat şäheriniň gartaşan adamlara  we maýyplygy bolan adamlara hyzmat edýän edarasynda hemaýatkärlik edilýän raýatlaryň 194–si şeýle sowgatlary aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: