JEMGYÝET

Gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Dänew etrap çagalar sungat mekdebinde mekdebiň gelin-gyzlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Berlen şertlere görä bäsdeşler türkmen saz gurallarynda saz çalmak, aýdym-aýtmak, degişme sahnalaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem gelin-gyzlar türkmen milli naharlaryny taýýarlamak ― börek bükmek we unaş kesmek boýunça-da bäsleşdiler.   

Bäsleşigiň netijeleri boýunça çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy Merjen Kurbanowa birinji, mekdebiň dutar hünäriniň mugallymy Gunça Ziýatdinowa ikinji, mekdebiň fortepiano mugallymy Dilroba Mirzaýewa üçünji orna mynasyp boldular. «Çeper elli gelin-gyzlar» diýlen at bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijiler Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Dänew etraby tarapyndan baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglandylar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: