JEMGYÝET

Beýik Watançylyk urşy muzeýine gezelenç guraldy

Mekdep okuwçylarynyň Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýine gezelenji guraldy.

Welaýat baş bilim müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda guralan çärä şäherimizdäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, mugallymlar, muzeý işgärleri gatnaşdylar.

Muzeýe gezelenjiň dowamynda okuwçy ýaşlar ikinji jahan urşy ýyllarynda faşizme garşy söweşlerde merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklary, gaýduwsyzlyklary dogrusynda söhbet açýan arhiw resminamalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar. Şonuň ýaly-da muzeýde ýerleşdirilen söweş esbaplary, harby lybaslar hem ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Golaýlaşyp gelýän Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanan çäre mahalynda muzeý işgärleri bilen ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik hem guraldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: