BIZE YAZYARLAR

Täze ýyly garşylap

Watanymyzyň asudalygyny, jemgyýetimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda ýetilýän sepgitlerimizi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgämizi, dost-doganlygymyzy berkidýän halkara gatnaşyklarymyz, şeýle-de sungat äleminiň inçe ýollary barada Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilýän birnäçe edebi-sazly çäreler, konsertler aýratyn mana eýe bolup durýar.

Ýörite sungat mekdebinde “Fortepiano” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymlary Joramuradowa Firuzanyň we Ilowa Ajabyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Täze ýyly garşylap…” ady bilen geçirilen edebi-sazly çäresi talyp ýaşlarda çuňňur ähmiýetliligi bilen uly täsir galdyrdy.

Talyp ýaşlaryň hem mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen estetiki-syýasy terbiýeçilik ähmiýetli çärede çykyş edenler döwletimiziň medeniýet ulgamynda gazananlaryny, aýdym-saz sungatynda ýetilen üstünlikleri hem-de ýurduň halkara derejesinde abraýynyň pugtalanmagy barasynda birin-birin durup geçdiler.

Konsertde “Fortepiano” bölüminiň talyplary türkmen we daşary ýurt kompozitorlary Aşyr Abdyllaýewiň, F.Şopeniň, L.Bahyň, L.Bethoweniň we beýlekileriň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Edebi-sazly konsertiň dowamynda edilen yzygiderli çykyşlar talyp ýaşlarda Watana bolan çäksiz söýgini döredip, Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyna düşünip, olaryň Arkadagly Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işlerini belent owazlarda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etjekdigine ynanýarsyň.

Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişjek talyp ýaşlar parahatçylygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna sowatly, öz döwletiniň ösmegine mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişjeklerine ynam bildirýärler. 

 

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

mugallymy Mähri Çaryýewa.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: