JEMGYÝET

Tokaý zolaklaryny ýangyndan goramak boýunça amaly-okuw maslahaty geçirildi

Welaýat tokaý hojalygynda tokaý zolaklaryny, şeýle hem öri meýdanlaryny ýangyndan goramak bilen baglanyşykly amaly-okuw maslahaty geçirildi. Oňa tokaý hojalygynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň, tebigy goraghanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Tokaýlyklarymyzda ummasyz tebigy baýlyklaryň jemlenendigi hemmämize mälimdir. Amyderýanyň boýlarynda, Garagum sähralarynda, Köýtendag sebitlerinde baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bolmagy aýratyn guwandyrýar. Bu baýlyklara örän aýawly çemeleşmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda täze ekologik şertleriň peýda bolmagy hem tebigatyň goraglylygynyň hiliniň ýokarlanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Tebigy baýlyklarymyzy goramagyň düzgünleri barada yzygiderli amaly okuwlaryň geçirilmegi, wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagy netijesinde raýatlarymyzyň ekologik düşünjeleri hem kämilleşýär.

Ynha, şu amaly-okuw maslahaty hem şeýle möhüm işleriň biri boldy. Oňa gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn-tehniki merkezinde bolup, ýangyn söndüriji tehnikalara degişli maglumatlar bilen hem tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: