BILIM

Mugallymlaryň usuly-amaly maslahaty geçirildi

Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebinde «Başlangyç synplarda innowasion tehnologiýalary ulanyp, sapaklaryň guralyşy» diýen at bilen etrap derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi.

Oňa etrabyň çägindäki orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary işjeň gatnaşdylar.

Usuly-amaly maslahatyň dowamynda mugallymlar öz iş tejribeleri boýunça pikir alyşdylar. Innowasion usullary ulanmak arkaly okuwçylarda logiki pikirlenmek başarnyklaryny kemala getirmek, sözleýiş endiklerini ösdürmek boýunça hem pikir alyşmalar guraldy. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.

Maslahatyň barşynda mugallymlar mowzuga degişli taýýarlanylan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: