BILIM

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Inženerleri daşary ýurt dillerinde okatmagyň tehnologiýasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem­-de talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda şu uniwersitetiň mugallymlary inženerleri iňlis we ýapon dillerinde okatmagyň usulyýeti boýunça görkezme sapaklaryny geçdiler. Bu ýokary okuw jaýynda ýaşlara daşary ýurt dillerini has gowy öwretmek maksady bilen «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi döredildi. Onda daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça sapaklar alnyp barylýar. Şeýle-de, talyplaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek maksady bilen, «Dil kafesi» döredildi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okuw merkezine we «Dil kafesine» baryp, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: