BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda matematika hepdeligi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň guramagynda matematika hepdeligi geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Hepdeligiň dowamynda talyp ýaşlar bilen guralan söhbetdeşliklerde, göreldeli sapaklarda matematikadan meseleleri çözmäge, takyk ylymlaryň ösüş ýoly bilen baglanyşykly çykyşlara aýratyn orun berildi. Talyplaryň arasynda barlagnamalara jogap bermek boýunça guralan bäsleşik has-da gyzykly geçdi. Okadylýan dersler esasynda interaktiw tagtada tanyşdyrylyş sapaklaryny taýýarlamak boýunça guralan bäsleşikde talyplar döredijilik ukyplaryny ýüze çykaryp, okatmaklygyň dürli usullaryny ulandylar we täze tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýandyklaryny subut etdiler. Hepdeligiň dowamynda «Matematika — dünýä äleminde» atly sergi guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply