DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Messi PSŽ-den gitmäge ýakyn

Argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň şu möwsümiň ahyrynda parižlileriň hataryndan çykyp biljekdigini barada «Ge.globo LʼÉquipe»  neşiri habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, argentinaly oýunçy zähmet hakynyň azaldylmagyna razy bolan ýagdaýlarynda parižlileriň hatarynda galyp biler.

Ýazylmagyna görä, Messiniň kakasy we PSŽ-niň prezidenti Nasyr Al-Helaýfi şertnamany uzaltmagyň şertleri barada ylalaşmaga synanyşandyklary, emma şu wagta çenli edilen ähli synanyşyklaryň şowsuz tamamlanandygy bellenilýär. Messi «Barselona» gaýdyp gelmek ähtimallygyny görüp çykýar, ýöne Kataloniýa kluby argentinaly hüjümçi üçin PSŽ-ä  resmi teklip bilen çykmandyr. Messi bu möwsüm PSŽ üçin 24 oýunda meýdana düşdi we 13 pökgi geçirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: