BILIM

Döwlet olimpiadasynyň ikinji tapgyry Türkmenabat şäherinde geçiriler

8-nji aprelde Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Oguz hanyň nesilleri» atly integrirlenen olimpiadanyň 2-nji tapgyry geçiriler. Bu olimpiada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurduň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, bäsleşigiň birinji tapgyryna ýurt boýunça 30 müňe golaý okuwçy gatnaşypdy we şolardan 1,5 müňe golaýy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar bolsa onuň ahyrky ― döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Döwlet tapgyry uniwersitetiň özünde «Tomusky okuw» görnüşinde geçiriler.

Olimpiada 9 ― 11-nji synplaryň okuwçylary gatnaşyp bilýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: