JEMGYÝET

Mowzuk agşamy geçirildi

 Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynda «Kalba baky ynam goýan Pyragy» diýen at bilen mowzuk agşamy geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, okyjylar köpçüligi we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp geçirilen çäräniň dowamynda ýurtda medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem kitaphanaçylar şanly ýylda kitaphana täze gelip gowşan neşirler bilen okyjylary tanyşdyrdylar.

 Çäräniň dowamynda etrap kitaphanasynyň Boýnyuzyn we Berzeň geňeşliklerindäki kitaphana şahamçalarynyň işgärleri akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan göçme kitap sergisini hem guradylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: