Gozgalmaýan emläk edaralarynda onlaýn hyzmat hereket edýär
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň wekili gullugyň resmi saýtynda onlaýn hyzmatlar bölümi ýola goýlandygyny habar berdi.
Welaýat neşiriniň elektron görnüşinde ýerleşdirilen makalada beýan edilişi ýaly, bu hyzmatlaryň sanawyna hukuklary bellige aldyrmak üçin nobat, döwlet sanawyndan göçürme sargyt etmek, kabul edişlige ýazylmak, hukuk maslahatyny almak, kepilnama sargyt etmek we şahadatnamalaryň öwezligini almak ýaly hyzmatlar girýär.
Gullugyň «www.gozgalmayanemlakgullugy.gov.tm» web saýtynyň ýörite bölüminde onlaýn hyzmatlardan peýdalanmak barada maglumat berýän gysga wideogörnüşler hem ýerleşdirildi. Isleg bildiren ildeşlerimiz bu wideogörnüşler arkaly hem has doly maglumat alyp bilerler. Ýöne onlaýn hyzmat üçin nobata ýazylmazdan öň käbir zatlary bilmek hem gerek. Hyzmatdan peýdalanýan ulanyjy, ilkinji nobatda, özüne gerekli bolan onlaýn hyzmaty saýlamaly. Ikinji ädimde gullugyň ýerli edarasy saýlanylýar. Şondan soň hyzmatdan peýdalanmak üçin özüňe amatly bolan senäni we wagty saýlap, zerur bolan maglumat meýdanyny doldurmaly. Degişli edara bellenilen wagtyndan 10 minut öň gelip, edaranyň işgärlerine onlaýn petegiňizi görkezmeli. Bu hyzmatdan peýdalanmak arkaly adamlar gymmatly wagtyny tygşytlap bilerler.