«Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşigi geçirildi
Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 41-nji çagalar bakja-bagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik üç şertden ybarat boldy.
Netijede, Kerki etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şirinjemal Şükürowa baş baýraga mynasyp boldy. Çärjew etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Dilaram Jumageldiýewa birinji, Saýat etrabyndaky 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şeker Babalyýewa ikinji, Türkmenabat şäherindäki 62-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Nesibe Altybaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Baş baýraga mynasyp bolan terbiýeçi bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşar.