JEMGYÝET

Ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Ýaşlar gözlegde» atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige 16 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp kinofilmlerden pursatlary beýan edýän, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini wagyz edýän, türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyrlaryň ajaýyp şygyrlary esasynda taýýarlan wideoroliklerini hödürläp bilerler.  Olaryň manysy baý, hil taýdan ýokary, sesi we görnüşi dury hem-de arassa, wagty 1 minut bolmalydyr. Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen welaýat gazetiniň elektron saýtynda tanyşmak bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: