JEMGYÝET

Lebaply meýletinçiler ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guran pikir alyşmasyna gatnaşdylar

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň meýletinçileri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habardarlygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly taslamanyň çäklerinde sanly widioaragatnaşyk arkaly pikir alyşma gatnaşdylar.

Onda ýurdumyzda çagalaryň, hususanda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary hem-de olary zyýanly endiklerden goramak, olaryň psihologiki we fiziki ösüşini gowulandyrmak, saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler barada sorag-jogaplar alşyldy. Şeýle-de, çagalaryň aň-düşünjesiniň ösmeginde, olarda belli bir psihiki ýagdaýlary ýeňip geçmeklerde hem-de ýetginjekleriň durmuş ýörelgelerini kesgitlemeklerinde sportuň ornunyň uludygy barada gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: