YKDYSADYÝET

«Mizemez gadamda» bitum emulsiýasy öndürilýär

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda bitum emulsiýasynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Önümçilik üçin zerur bolan çig maly, esasan, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we «Türkmendaşlary» döwlet kärhanasyndan alýarlar. Ozal kärhanada gidroizolýasiýa serişdeleri öndürilýärdi. Indi olaryň üstüni ýene bir önüm — bitum emulsiýasy hem doldurdy. Gurluşykda zerur bolan bu önümler içki bazarda ýerlenilýär we daşary ýurtlara satylýar. Häzir kärhananyň önümleri Özbegistana, Täjigistana we Türkiýä eksport edilýär. Beýleki ýurtlara ibermek boýunça hem maksada laýyk işler alnyp barylýar.
«Mizemez gadam» hususy kärhanasy gurluşyk önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan kärhanalaryň biridir. Ol 26 ýyl mundan ozal döredildi. Bu ýerde öň Türkmenistanda öndürilmedik gurluşyk harytlaryny öndürmek bilen meşgullanýarlar we önümçiligiň çygryny giňeltmegiň üstünde yzygiderli işleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: