• Wed. Sep 30th, 2020

Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde eksportyň mukdary artýar

Jul 11, 2020

Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde ýylyň başyndan bäri 3570,8 tonna ýüplük eksporta ugradyldy.
Bu kärhananyň önüminiň agramly bölegidir. Şu döwürde bu ýerde öndürilen önümiň umumy mukdary 3600 tonna barabar boldy. Kärhananyň ýüplüklerini Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň iri kompaniýalary satyn alýarlar.
Fabrik Türkmenistandaky ýaş kärhanalaryň biridir. Ol 2009-njy ýylda işe girizildi. Onda belli daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen kämil enjamlar oturdyldy. Bu bolsa çykarylýan ýüplükleriň ýokary hilli bolmagyny, netijede bolsa uly islegden peýdalanmagyny şertlendirýär.

Поделиться ссылкой: