Geçen hepdede az kükürtli ýangyç mazudyna we polipropilene isleg uly boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri daşary ýurt puluna az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropilen satyn aldylar. Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplük aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 754 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Bulardan başga-da, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 17 million 508 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector