YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňdi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygyny «Mizemez gadam» hususy kärhanasy alyp barar. Bu ýerde ýylda 390 tonna arassalanmadyk
glisirrizin turşusy öndüriler.

Bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi seçilip alyndy. Şeýle hem, bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Mizemez gadam» hususy kärhanasy bilen ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, bu desgany gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Onda potratçy kärhana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň we desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak hem-de olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge hem borçly edildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we kärhanany 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: