YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda «S-600» belgili sement öndürilip başlanar

Köýtendagyň eteginde ýerleşýän «Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysy ulanylmaga tabşyrylanyndan soň «S-600» belgili sement öndürilip başlanar.

Zawodyň birinji nobatdakysy 2013-nji ýyldan bäri hereket edýär we bu ýerde «М400», «М500» belgili, şonuň ýaly-da gidrotehniki desgalary gurmakda giňden ulanylýan sulfata durnukly «М400 Portland» belgili sement öndürilýär. Kärhananyň birinji tapgyrynyň kuwwaty ýylda bir million önüme barabardyr. Ikinji nobatdakysynyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen zawodyň kuwwaty iki esse artar.

Onuň gurluşygyna 2020-nji ýylyň tomsunda badaga berilipdi. Ony «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti gurýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: