JEMGYÝET

Türkmenistanda üç sany gämi gurlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Olar daşary ýurtlaryň karz serişdeleriniň hasabyna gurlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.

Yslam ösüş bankyndan we OPEK Halkara ösüş gaznasyndan iki sany «Ro-Ro» (uly göwrümli ýükleri daşamak üçin) görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek barada teklipler gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: