JEMGYÝET

Meýilnamadan artyk bir müň gowrak guzy alyndy

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Serdar» maldarçylyk hojalygynda mallardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler.


Hojalykda ene mallaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olardan owlak-guzularyň 1879-syny almak meýilleşdirilipdi. Şu döwre çenli sagdyn ýaş mallaryň 2883-sini alyp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Çopanlar häzirki günlerde ýaş mallara yhlas bilen ideg edip, olaryň sagdyn ösmegini gazanýarlar.


Alnan ýaş mallar geljekde sürüleriň üstüni doldurmak üçin ösdürmäge galdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply