TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti telekeçilere traktor sowgat berdi

Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasynyň — dünýä meşhur «John Deere» traktorynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şol gün Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ýyladyşhanalar toplumynyň altysy ulanylmaga berildi. Olaryň ýolbaşçylarynyň ählisine Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy. Olaryň arasynda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply