Göçme okuw sapagy guraldy
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň buhgalter hasaba alnyșy we audit, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi hünärlerinde okaýan talyplar bilen göçme okuw sapagy guraldy.
Mekdepde geçilýän ykdysadyýet dersi boýunça guralan göçme okuw sapagy üçin welaýat merkezindäki pagta egriji fabrik saýlanyp alyndy.
Sapagyň dowamynda mekdebiň mugallymy Aýa Gubaýewa we fabrigiň hünärmenleri talyplara kuwwatly kärhanada ykdysady işleriň guralyşy barada gürrüň berdiler.
Șeýle hem talyplar bu ýerdäki önümçilik ișiniň tapgyrlary bilen hem ýakyndan tanyş boldular.
Mugallymlary tarapyndan șeýle göçme okuw sapaklary ýygy-ýygydan guralyp durýar.