JEMGYÝET

Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri täze möwsüme taýýar

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine taýýarlyk işlerini tamamladylar. Ýüpek gurçuklaryny örüzmek üçin inkubatoriýalaryň 12-sinde, hasyl kabul ediş sehleriniň 4-sinde abatlaýyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirildi. Etrabyň ýüpekçileri üstümizdäki ýylda 97 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler.
Welaýatyň beýleki etraplarynda hem bu möwsüme taýýarlykly barýarlar. Lebapçy ýüpekçiler şu ýyl gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply