JEMGYÝET

«Aram guşaklykdaky Turan çöllügi» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmek üçin hödürlenildi

2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Merkezine (Pariş ş.) «Aram guşaklykdaky Turan çöllügi» transmilli seriýalaýyn obýekt boýunça resminamalaryň bukjasy hödürlenildi. Resminama üç döwlet: Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan taýýarlanyldy. Onda obýektiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Resminamalaryň bukjasy howa boýunça Halkara başlangyçlary (IKI) tarapyndan maliýeleşdirilýän Mihael Zukkowyň tebigaty goramak boýunça «Merkezi Aziýanyň çöllerini goramak boýunça başlangyçlar» (CADI) Gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy. Ony taýýarlamak Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda hyzmatdaşlar tarapyndan, şonuň ýaly-da Graýfswald Uniwersiteti we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň sub sebitleýin bölümi bilen bilelikde alnyp baryldy.

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: