TÜRKMENISTAN HABARLARY

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Foruma sebitiň ýurtlarynyň döwlet we hususy pudagynyň, halkara hem-de sebit maliýe institutlarynyň wekilleri hem göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Sebitde maýa goýum şertleriniň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagy hem-de ýurtlaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna maýa goýumlaryň çekilmegi, şeýle-de innowasiýalar, himiýa senagaty, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikirleriň alyşylmagy hem-de olar boýunça derwaýys çözgütleriň kabul edilmegi nobatdaky Forumyň esasy maksady boldy.  

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça tematiki maslahatlar geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda elektron söwdasy üçin ýygymlaryň we kadalaryň kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ulgamlarynda integrasiýa hereketleriniň çuňlaşdyrylmagy köptaraplaýyn bu duşuşygyň tematiki mejlisleriniň esasy mowzuguny düzdi.  

 Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynyň Jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: