Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Mekdep okuwçylary wideoşekilleri taýýarladylar

May 22, 2021

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary öz aralarynda wideoşekilleri taýýarlamak boýunça bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan «Watan waspy dillerde dessan» atly bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi gurady. Ondan 11-nji synp okuwçysy Babageldi Çaryýewiň, 10 synp okuwçysy Jemile Jumaýewanyň, 11-nji synp okuwçysy Aziza Alymowanyň ýolbaşçylygyndaky toparlaryň düşüren şekilleri degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Olar guramaçy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşinde habar berişlerine görä, şeýle bäsleşik ilkinji gezek geçirilipdir. Indiki okuw ýylynda onuň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Leave a Reply