Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Awazada» Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi

Aug 6, 2021

Şu gün, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.

Zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri ilki myhmanhananyň foýesinde guralan amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

Dialogyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Dialogyň barşynda BMG-niň Baş Sekratarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažlisiniň Halkara meseleleri, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň başlygy Aýgül Kuspa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasynyň Orunbasary Aida Kasymaliýewa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgala işleri boýunça Komitetiniň başlygy Hilolbi Kurbonzoda çykyş etdiler.

Çykyşlarda Merkezi Aziýada gender deňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi, sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribesi barda pikir alşyldy. Bu ugurda gazanylan üstünlikler bellenilip geçildi.

Çäräniň barşynda şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Eggeriň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Dialogyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasyny kabul edildi. Çäräniň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme okaldy.

Günortan çärä gatnaşyjylar «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasyna gatnaşarlar.

Adblock
detector