SYÝASAT

Awazada Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi

Şu gün, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy. Bu barada Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seretdiler. Sebit durnuklylygynyň meseleleri boýunça işjeň pikirler alşyldy. Prezidentler sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara ösüşiň derwaýys temalary boýunça pikir alyşdylar. Olar şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň DIM-leriniň arasynda yzygiderli bäştaraplaýyn duşuşyklary geçirmek arkaly daşary syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ylalaşdylar.

Mejlisiň barşynda Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşygynyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitiň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan ähmiýetini bellediler, köpasyrlyk taryhy, ruhy hem-de medeni meňzeşlikler bilen baglanyşýan döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini nygtadylar. Bularyň ählisiniň diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş Ýewraziýanyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge, bar bolan ulag geçelgeleriň netijeli işlemegini goldamaga we täze ulag geçelgeleri döretmek arkaly sebitiň döwletleriniň arasynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Prezidentler söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly pikirler alyşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň we senagat hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak babatda ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşygyň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri, ol hem pandemiýa garşy göreşmekde sebitiň döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boldy. Prezidentler täze görnüşli ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatyny öwrenmek, şeýle-de bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak  babatda bilelikdäki barlaglary guramaga we höweslendirmäge ylalaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: