JEMGYÝET

«Merdana nesil ― 2022» bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Lebap welaýat saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynda «Merdana nesil ― 2022» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde yglan eden bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda şäher we etrap tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolan 3 — 5-nji synplarda okaýan oglanlar gatnaşdylar. Bäsdeşler berlen şertlere görä, aýdym-sazly çykyşlary, çeper okaýyşlary we şorta sözleri ýerine ýetirmek bilen eminleriň mynasyp bahalaryny gazandylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça birinji orny Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umytjan Egemberdiýew eýeledi. Halaç etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sylap Jumamuradow bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orny Saýat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Mukam Halmyradow gazandy. Birinji we ikinji baýrakly orunlaryň eýelän oglanlar bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: